Ýakynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çakylygy bilen Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň biologiýa we botanika kafedrasynyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Bronislaw Feldman ýokary okuw mekdebiniň birinji ýyl talyplary üçin lukmançylyk genetikasynyň bölümleri boýunça onlaýn umumy sapagyny geçirdi. «Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen birnäçe ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýäris. Ýokary okuw mekdebi bilen dürli formatda alyş-çalyş maksatnamalaryny we tejribe işleri, gysga we uzak möhletli taslamalary, medeniýetara ylmy gözlegleri gurap, ylmy-usulyýeti ösdürmek hem-de mugallymlardyr gözlegçileriň ylmy, amaly, intellektual potensialyny ýokarlandyrmak maksady bilen bilelikdäki olimpiadalary, ylmy we amaly maslahatlary, seminarlary, okuwlary geçirýäris-diýip, halkara we sebitara çäreler boýunça prorektor Larisa Udoçkina belledi. Ýeri gelende aýtsak, Bronislaw Feldmanyň Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary üçin ozal hem birnäçe gezek umumy sapagy guraldy. Rus uniwersitetiniň alymynyň geçirýän umumy sapaklary türkmen talyplarynyň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Bu gezekki guralan sapagyň dowamynda türkmen talyplary genetika ylmyna degişli gymmatly maglumatlary aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir