Hytaýly erkek kişi iki ýyllap şeker sarp etmegini azaldyp, 50 kilogram horlandy diýip, «Asia One» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Hytaýly Min familiýaly erkek kişi şekeri we süýjülikleri gowy görendigi üçin 120 kilogram semrändigini gürrüň berdi. 36 ýaşly Mini artykmaç agramy biynjalyk etmeýärdi, emma haçan-da kakasy oňa insult geçirip ysmaz bolan goňşusy barada gürrüň berende, Min ynjalyksyzlanyp başlady. Onsoňam ýigidiň öz saglygy-da ýaramazlaşyp ugrady, lukmançylyk barlagynyň netijesinde onda 20-den gowrak kadadan çykma anyklandy. Şondan soň Min horlanmak kararyna geldi we şerbetleri içmegi bes etdi, gök-bakja we düzüminde köp mukdarda belok bolan azyk önümlerini kän iýip başlady. Bu oňa iki ýylda 50 kilogram horlanmaga kömek etdi. Miniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýerleşdiren suratlaryny synlanlar oňa: «Sen indi 20 ýaş juwan görünýärsiň» diýip, baha berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir