Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungat muzeýinde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurduň medeniýet we sungat ussatlary, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary, daşary ýurtlaryň diplomatik gulluklarynyň, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini wekilleri, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahat ministriniň orunbasary Nadir Alpaslan çykyş edip, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň asyndaky köpugurly hyzmatdaşlyklary, şeýle-de ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigini belläp geçdi. Dabarada Türkiýäniň ýurtdaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hem çykyş edip, Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatda hem-de Türkmenabat şäherlerinde geçiriljek Medeniýet günleriniň çäklerinde guraljak dabaralar barada gürrüň berdi.