Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň çäklerinde oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ýaşlarynyň medeniýet, sungat ussatlarynyň festiwaly hem-de forumyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen dabaralara daşary ýurtly myhmanlar, bilim, ýaşlar, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Teatryň öňünde ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary myhmanlary halkara ýaşlar forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň milli aýdym-sazlaryny we tanslaryny ussatlarça ýerine ýetirmek arkaly şowhunly garşyladylar. «Laçyn» folklor toparynyň artistleriniň türkmen halk döredijiliginden parçalary ýerine ýetirmegi aýratyn ýatda galyjy boldy. Habarda bellenilişi ýaly, festiwala gatnaşyjy döwletleriň halk we estrada aýdymlaryna giň orun berildi. «Saýra bilbil», «Baltabaý» gazak halk, gyrgyz, täjik estrada, «Lazgi» özbek halk aýdymlary, «Altyn asyr» folklor, «Margiana», «Näzli» tans toparlarynyň ýerine ýetiren tanslary bilelikdäki dost-doganlyk konsertine gatnaşyjylara lezzet paýlady. Şeýle hem forumyň dabaraly ýapylyşynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir