Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisi açyldy. Üç gün dowam etjek Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ilkinji güni Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Türkiýäniň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertinde türkiýeli aýdymçylar Seher Çelik, Enwer Meralli, Hamdiýe Efeoglu, Fulýa Emine Arat dagy ajaýyp türk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew ýurduň döwlet tans toparynyň tansçylary bilen bilelikde Gara Seýitliýewiň sözlerine, Çary Nurymowyň sazyna döredilen «Meleguş» aýdymy ýerine ýetirdi diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir