Professional Tennisçileriň Assosiasiýasynyň (ATP) Jemleýji ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynda serbiýaly Nowak Jokowiç daniýaly Holger Runeni utdy. Ýaryş Italiýanyň Turin şäherinde geçirildi. Duşuşyk Jokowiçiň peýdasyna 7:6 (7:4), 6:7 (1:7), 6:3 hasabynda tamamlandy. Günüň başga bir oýnunda italiýaly Ýannik Sinner gresiýaly Stefanos Sisipasy utdy (6:4, 6:4). Ýeňşiň netijesinde Jokowiç özüne möwsümiň jemi boýunça dünýä reýtinginiň birinji belgisi adyny kepillendirdi. Serbiýaly tennisçi sekizinji gezek ýyly dünýäniň birinji raketkasy hökmünde tamamlar, oňa bu görkeziji boýunça rekord degişlidir. Jokowiç 36 ýaşynda, onuň hasabynda ATP-niň 97 tituly, şol sanda “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 24 ýeňiş bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir