The Game Awards 2023 oýun sergisini gurnaýjylar dürli kategoriýalarda dalaşgärleriň ählisini yglan etdiler. Baş baýrak we “Ýylyň oýny” ady ugrunda birbada alty taslama, şol sanda şu ýylyň güýzünde çykan iki oýun (Alan Wake 2 we “Möý adam 2”), Nintendo-nyň 2 taslamasy (Super Mario Bros. Wonder we Zelda: Tears of the Kingdom), şeýle-de remeýk Resident Evil 4 we Baldur’s Gate 3 bäsleşer. The Game Awards 2023-de “Ýylyň oýny” baýragyna dalaşgärler: Alan Wake 2; Baldur’s Gate 3; “Möý adam 2”; Resident Evil 4; Super Mario Bros. Wonder; The Legend of Zelda: Tears of the Kingdom. Öz dalaşgäriňe, şeýle-de beýleki kategoriýalardaky oýunlara The Game Awards-yň resmi saýtynda ses bermek bolýar. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 7-nji dekabrdan 8-nji dekabra geçilýän gije bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir