Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Dagystanyň Kizilýurt etrabynda ýerleşýän Kirowaul obasynyň adyny Manapkala obasy diýip üýtgetmek baradaky karara gol çekdi. Ilatly nokat UFC-niň öňki çempiony Habib Nurmagomedowyň kakasy tälimçi Abdulmanap Nurmagomedowyň hormatyna Manapkala diýlip atlandyryldy. Bu teklip obanyň administrasiýasy tarapyndan öňe sürüldi we Dagystan Respublikasynyň Halk ýygnagy tarapyndan goldanyldy. Nurmagomedow UFC-niň ýeňil agram derejesindäki çempiony. Ol karýerasyny tamamlamazdan ozal üç gezek çempionlygyny gorady. Türgen MMA-yň düzgünlerine laýyklykda, 29 professional söweşde 29 ýeňiş gazandy. 57 ýaşly Abdulmanap Nurmagomedow koronawirus ýokanjy sebäpli ýagdaýy agyrlaşyp, 2020-nji ýylyň 3-nji iýulynda aradan çykdy. Ol Habibiň, şeýle hem häzirki UFC söweşijileri Islam Mahaçewiň we Umar Nurmagomedowyň tälimçisidi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir