ABŞ-nyň Kinoaktýorlar gildiýasy (SAG-AFTRA) hem-de Kino we telewideniýe prodýuserleriniň bileleşigi (AMPTP) emeli aňy ulanmagy düzgünleşdirmek hakynda ylalaşdylar. Iki guramanyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň netijesinde kabul edilen şertnamada emeli aňy ulanmagy çäklendirmek hakynda aýratyn durlup geçildi. Çünki soňky wagtlarda kinoaktýorlaryň içinde özleriniň keşbiniň we sesiniň emeli aň tarapyndan ulanylýandygy babatda nägilelikler ýüze çykyp başlady. Şeýle hem emeli aňyň ulanylmagy dürli kärleri ýerine ýetirýän işgärleriň işiniň çäklendirilmegine sebäp bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir