«Netflix Film» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Skott Stuber «Narniýanyň ýyl ýazgylary» romanlar toplumynyň esasynda täze filmiň surata düşüriljekdigini aýan etdi. Taslama «Barbi» filmi bilen meşhurlyk gazanan Greta Gerwig režissýorlyk eder. Stuberiň bellemegine görä, filmiň önümçiligine 2024-nji ýylda girişiler. Režissýoryň iki filmiň üstünde işlejekdigi bellenildi. Ozal Greta Gerwig interwýusynda üstünde işleýän täze bir taslamasy bilen baglanyşykly gorkunç düýşleri görüp başlandygyny aýdypdy. «Men häzir ssenariýa ýazmak bilen meşgullanýaryn. Bu gaty kyn, sebäbi şolbir gaýtalanýan düýşleri görýärin» diýip, Gerwig belledi. Şeýle-de bolsa, ol täze taslamanyň adyny we onuň detallaryny aýan etmedi. Bu film «Narniýanyň ýyl ýazgylary» bolup biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir