Lionsgate Motion Picture Group-yň başlygy Jo Dreýk «Jon Uik 5-iň» ssenariýesiniň ýazylyp başlanandygyny tassyklady. Dreýkiň sözlerine görä, topar onuň üstünde Amerikanyň ssenariçiler gildiýasynyň iş taşlaýşy gutarandan soň işläp başlady. «Edil ssenariýeçileriň iş taşlaýyşlary başlan wagty, biz onuň üstünde işläp başlapdyk we gutaran badyna ýene oňa gaýdyp geldik» - diýip ol belleýär. Ozal franşizanyň prodýusseri Beýzil Iwanik «Jon Uikiň» bäşinji bölüminiň hökman çykjakdygyny, ýöne başga bir keşbe bagyşlanyp biljekdigini aýdypdy. «Jon Uikiň» älemindäki indiki eser maşgalasynyň aryny almaga mejbur bolan hakyna tutulan zenan hakdaky «Balerina» filmi bolar. Filmdäki baş keşbi Ana de Armas ýerine ýetirer, filmiň ilkinji görkezilişi 2024-nji ýylyň tomsunda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir