Kolorado ştatynyň uniwersitetiniň, Garward uniwersitetiniň we Albukerke Seýsmologiýa barlaghanasynyň (ABŞ) alymlary global ýylylygyň ummanlaryň tolkunlarynyň güýjüni artdyrýandygyny anykladylar. Dünýädäki 52 seýsmografik stansiýanyň 41-si ummanlaryň tolkunlarynyň güýjüniň 20-nji asyryň ahyryndan başlap, ep-esli we yzygiderli ýokarlanandygyny görkezdi, olaryň güýji ýylda ortaça 0,27 göterim artýar. 2000-nji ýyldan bäri bolsa bu görkeziji ýylda 0,35 göterime deň boldy. Alymlaryň pikirine görä, ummanlar soňky onýyllykda bug gazlarynyň zyňyndylarynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly artykmaç ýylylygyň 90 göterimini siňdirýärler. Bu artykmaç energiýa has weýran ediji tolkunlara we has güýçli tupanlara sebäp bolup biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir