Apple iPhone 14 flagmanyna meňzeş korpusa eýe boljak iPhone SE 4 arzan smartfonyny çykarmaga taýynlanýar. Bellenilmegine görä, Apple täze arzan smartfonynda «Home» düwmesini ulanmaz. Muňa derek, täze «iPhone» «iPhone 14-iňki» ýaly çarçuwasyz korpus bilen üpjün ediler, olaryň daşky keşbindäki ýeke-täk aratapawut arzan nusgada diňe bir esasy kameranyň bolmagydyr. Goşmaça sensoryň ulanylmazlygy agramy 165 gram bolan «iPhone SE 4-iň» ölçeglerine oňyn täsir eder. Şeýle hem arzan nusga Face ID skanerini we USB-C birikdirijisini alar. «iPhone SE-niň» öndürijiligine «Apple A16» çipi jogap berer. Dördünji nesil «iPhone SE-niň» tanyşdyrylyş dabarasynyň 2024-nji ýylyň ýazynda geçirilmegine garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir