Kianu Riwziň keşbini janlandyrýan gahrymany Jon Uik hakyndaky filmler tapgyry esasynda anime filmini surata düşürmek meýilleşdirilýär. Muny filmiň režissýory Çad Stahelski tassyklady. «Men muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, sebäbi men ýapon animesiniň uly muşdagy. Anime hekaýany filmlerden ýa-da teleseriallardan has gowy görkezip bilýär» diýip, Stalheski gürrüň berdi. Şeýl hem ol «Lionsgate» studiýasyndan «Jon Uik» teleserialyny döretmek barada teklip alandygyny aýtdy. Onuň üstünde Stalheskiniň özi işlär, täze keşpleri goşup, franşizanyň älemini giňelder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir