Amerikanyň Nike sport kompaniýasy käbir oýun futbolkalarynda logotipini üýtgeder diýip, Footy Headlines habar berýär. Futbol eşiklerindäki logotipi üýtgetmek Nike üçin kompaniýanyň taryhynda iň uly öwrülişik bolar. Nike nyşanyny biraz kiçeltmek, başga reňke geçirmek, nyşany sagat diliniň ugruna 90 gradus öwürmek isleýär. Öwrülen wersiýa 2024/2025 möwsümiň üçünji toplum eşiklerinde bolar. Mysal hökmünde Nike Phantom butsy-aýakgaplary görkezilýär. Nike kompaniýasy “Barselona”, “Arsenal”, “Mançester Ýunaýted”, “Tottenhem”, “Inter”, “Liwerpul”, “PSŽ”, “Çelsi”, “Atletiko” Madrid we beýleki klublar üçin geýim hemaýatkäri hasaplanýar. Şeýle hem Braziliýanyň, Portugaliýanyň, Nigeriýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň milli ýygyndy toparlary bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir