Birnäçe marketing kompaniýalarynyň geçiren barlaglarynyň netijesine görä, Mavi brendi jinsi markalarynyň içinde iň meşhury hem iň köp saýlanýany hasaplanýar. Bu brendiň jinsileri Türkmenistanda hem meşhurdyr. Indi bolsa, MAVI brendiniň Aşgabatdaky dükany harytlaryny Trendyol-dan hem arzan satyp başlady. Eýsem, Mavi brendiniň egin-eşiklerini näme üçin saýlaýarlar? Ilkinji nobatda, gündelik geýmek üçin rahat! Galyberse-de, berkligi, ýokary hili, bahasynyň elýeterliligi onuň artykmaçlyklarynyň üstüni ýetirýär. Bu brendiň jinsileri ýokary materiallardan taýýarlanyp, olarda hatda sport türgenleşiklerini geçmek hem mümkin. MAVI brendiniň resmi dükany Aşgabatda «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 2-nji gatynda hereket edýär. MAVI dükany erkekler hem-de zenanlar üçin bölümlerinde möwsüme görä köýnekleriň, jinsileriň, aksessuarlaryň giň toplumyny amatly bahadan hödürleýär. MAVI dükany şäher içine eltip bermek hyzmatyny mugt ýerine ýetirýär. Şeýle hem Türkmenistanyň islendik ýerine eltip bermek hyzmaty bar. Dükanlarda tölegler nagt hem nagt däl görnüşde kabul edilýär. Mavi we başga-da köp sanly brendleriň egin-eşiklerini Asmanshop onlaýn söwda platformasyndan hem aňsatlyk bilen sargyt edip bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir