Kolumbiýa dünýäde sagdyn däl iýmitiň sarp edilmegine garşy göreşýän ilkinji döwlet bolmaga taýýarlanýar. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda güýje girjek täze kanun ultra gaýtadan işlenen önümlere (çipsiler, guradylan çörek bölejikleri, şokolad batonlary, fastfud we beýleki azyk önümleri) aksiz salgydyny girizmegi göz öňünde tutýar diýip, aif.ru belleýär. Ilkibaşda ýygym 10% derejesinde bolar, 2024-nji ýylda 15%-e, 2025-nji ýylda 20%-e çenli ýokarlanar. Ýaşaýjylaryň arasynda meşhur bolan önümlere salgyt girizmek karary bu önümleriň saglyk üçin zyýanlydygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, ortaça statistikaly kolumbiýalynyň gündelik rasionynda 12 gram duz bar, bu bolsa Latyn Amerikasy ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkeziji we dünýäde iň ýokary görkezijileriň biridir. Bu gipertoniýa, ýürek-damar kesellerine sebäp bolýar, şeýle-de insult we ýürek ýetmezçiligi hadysalaryny ýokarlandyrýar.