Bloomberg agentliginiň hasabyna görä, iýun aýyndan bäri Hytaýyň Xiaomi elektronika öndürijisiniň bazar bahasy 20 mlrd dollar ýokarlandy. Agentlik kompaniýanyň bahasynyň ösüşini Apple kompaniýasynyň Hytaýdaky satuwynyň peselmegi we onuň bäsdeşleriniň, şol sanda Xiaomi-niň satuwynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrýar diýip, kommersant.ru belleýär. Noýabr aýynyň başynda Apple umumy girdejiniň yzygiderli dördünji gezek pese gaçandygy barada hasabat berdi. Hünärmenler muny, ilkinji nobatda, Apple üçin üçünji uly söwda bazary bolan Hytaýda satuwlaryň peselmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Apple-iň Hytaýdaky bölümçesiniň girdejisi 2,5% azalyp, 15,1 mlrd dollar boldy. Bu sebitde kompaniýanyň satuwyna umumy ykdysady pese gaçyş, şeýle-de ýerli kompaniýalar tarapyndan bäsdeşligiň ýokarlanmagy-da ýaramaz täsir edýär. Analitikler Apple kompaniýasynyň ýerli bäsdeşleriniň girdejileriniň mundan beýläk hem ýokarlanmagyna garaşýarlar. “Huawei özboluşly kamera funksiýalary we hemra aragatnaşygy bolan täze önümleri arkaly satuwyny işjeň ýokarlandyrýar. iPhone-yň Hytaýdaky satuw depgini haýallaýar, sebäbi köp sarp edijiler täze iPhone-yň funksionallygynda uly bir üýtgeşmeleri görmeýärler” – diýip, Bloomberg GAM Investment Management maýa goýum kompaniýasynyň analitigi Szýan Si Korteziniň sözlerini getirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir