Kriptowalýuta, bitkoin ýylyň başyndan bäri tas 120 göterim ösüş görkezdi we ýene-de maýadarlaryň ünsüni özüne çekmegi başardy. Analitiki maglumatlara görä, 2023-nji ýylda serişdeleri bitkoin gapjyklarynda saklanýan dollar millionerleriniň sany üç esseden gowrak artdy we 88,6 müňden gowrak adama ýetdi. Mundan başga-da, häzirki wagtda 37,05 müň dollar bilen bahalandyrylýan azyndan bir birlik kriptowalýuta saklaýan tutuş bitkoinli gapjyklaryň eýeleriniň sany hem artýar diýip, aif.ru belleýär. Bitkoinleriň we kriptowalýutalaryň esasy artykmaçlyklarynyň biri hiç kimiň million balansly gapjyklaryň aňyrsynda kimiň gizlenýändigini bilmeýändigidir, ýöne River Intelligence analitik we gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, bu sanly aktiwiň iň baý eýesi ony dörediji Nakamoto Satoşidir. Kompaniýanyň analitikleri Satoşä 20 müňden gowrak dürli gapjyga paýlanan 1 milliondan gowrak bitkoiniň degişlidigini belleýärler. Ýöne hünärmenler islendik başga bir görkezijini hem getirip bilerdiler, sebäbi olary barlamak barybir mümkin däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir