1962-nji ýylyň Ferrari 250 GTO ýaryş awtomobili Nýu-Ýorkda geçirilen Sotheby’s auksionynda rekord 51,7 mln dollara satyldy. Bu barada çäräniň resmi saýtyna salgylanyp, Report habar berýär. Satylan Ferrari 250 GTO 60 ýyldan gowrak wagt mundan ozal “Le-Manyň 24 sagady” sport ýaryşyna gatnaşdy, ýöne ol güýç gurluşynyň aşa gyzmagy sebäpli 24 sagatlyk ýaryşy tamamlap bilmedi. Muňa garamazdan, awtomobil Germaniýanyň Nýurburgring ýaryş ýolunda geçirilen 1 müň km aralyga başga bir ýaryşda öz klasynda ilkinji bolup pellehana geldi. Ilkibaşda awtomobil dört litrlik V12 hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Soň güýç gurluşy adaty üç litrlik enjam bilen çalşyryldy. 1985-nji ýylda awtomobil Birleşen Ştatlara geldi we häzirki ýyla çenli biriniň elinde saklandy. Soňky 38 ýylyň dowamynda bu 250 GTO dünýäniň awtoşoularyna we wintaž ulaglarynyň sergisine gatnaşdy. Awtomobil bilen birlikde onuň täze eýesi awtoulagy Nýurburgrindäki we Le-Mandaky ýaryşlara taýýarlamak üçin asyl nusgadaky resminamalary aldy, bu hem tassyklanan taryhy gymmaty sebäpli lotuň bahasyny ep-esli ýokarlandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir