15-nji noýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynyň Maslahatlar zalynda Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyrynyň «E» toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasynda, oýundan öňki metbugat ýygnanyşygy geçiriler. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, metbugat ýygnanyşygy ilki 18:00-da Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazowyň hem-de ýygyndy toparymyzyň oýunçylarynyň biriniň gatnaşmagynda geçiriler. 18:30-da bolsa metbugat wekilleriniň sowallaryna Özbegistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Sreçko Katanes bilen bu ýygyndy toparyň oýunçylarynyň biri jogap bererler. Geçiriljek metbugat ýygnanyşygyň öňüsyrasynda metbugat wekillerine akkreditasiýa kartlary gowşurylar. Ýeri gelende bellesek, Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Bu duşuşyk “Aşgabat” köpugurly stadionynda 16-njy noýabrda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir