15-nji noýabrda «Arçabil» myhmanhanasynyň Mejlisler zalynda Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň ertirki oýunda meýdança çykjak köýnekçeleri mälim edildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, ýurdumyzyň milli ýygydysy ýer eýesi hökmünde ak, Özbegistanyň ýygyndy topary bolsa gök köýnekçede çykyş eder. Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 16-njy noýabrda “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 19:00-da başlanar. Bu duşuşykda 41 ýaşly Hiroýuki Kimuranyň ýolbaşçylygyndaky ýaponiýaly eminler topary eminlik eder. Kömekçi eminleriň wezipelerini Kota Watanabe bilen Takumi Takagi ýerine ýetirerler. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini Hiroki Kasahara bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir