Abraýly insaýder «Ice Universe» «X» sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýakyn wagtda çykjak «Samsung Galaxy S24 Ultra» flagman smartfonynyň ýokary hilli render suratlaryny paýlaşdy. «Aýdyň, siz «Samsung Galaxy S24 Ultra-nyň» çykmagyna garaşýarsyňyzmy? Bular smartfonyň iň takyk render suratlary» diýip, insaýder publikasiýasynda ýazgy ýerleşdiripdir. Suratlarda smartfonyň ekranyň töwereginde inçe we simmetrik çarçuwalara, şeýle hem frontal kamera üçin has kiçi kesime eýe boljakdygyny görkezilýär. Suratlardan «Galaxy S24 Ultra-nyň» tekiz ekran bilen üpjün ediljekdigini görmek bolýar. «Ice Universe» smartfony eýýäm görendigini we täze önümiň render suratlaryndan hem has owadan görünýändigini belleýär. Onuň sözlerine görä, «Samsung Galaxy S24 Ultra-nyň» dizaýny her bir erkek adama ýarar. «Samsung-yň» flagman smartfonlarynyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda çykmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir