Kuraş sporty boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin dünýäniň 50 ýurdundan 240-dan gowrak türgen Aşgabat şäherine geler. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. Dünýä birinjiliginde 60 medal ugrunda ýaryşlar geçiriler. Çempionatyň özünde Türkmenistana 15 türgen wekilçilik eder. Sport ýaryşlary jemi 15 agram derejesinde, şolaryň 7-si erkek we 8-si bolsa zenan agram derejesinde geçiriler. Bellenilişi ýaly, ýaryşlara Türkmenistanyň ýokary derejeli eminler topary eminlik eder. Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyny guramçylykly geçirmek maksady bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat 300 töweregi meýletinçi taýýarlandy. Olara degişli taýýarlyk okuwlary geçildi. Kuraş sporty boýunça dünýä çempionaty 23-28-nji noýabrda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir