Fransiýanyň Dior kompaniýasy kiçijik çagalar üçin müşk çykardy. Bonne Étoile çüýşesiniň eýesi bolmak üçin, ene-atalar 230 dollar tölemeli bolarlar. Bu barada aif.ru habar berýär. “Dior-yň döredijilik müdiri Frensis Kurkjýan tarapyndan döredilen kompozisiýanyň düzüminde alkogol ýok we armydyň, itburunyň we ak muskusyň notalaryny saklaýar” – diýlip, çagalar üçin müşküň beýanynda aýdylýar. Krkjýanyň aýtmagyna görä, Bonne Étoile geçen asyryň 70-nji ýyllarynda önümçiligi bes edilen hoşboý ysyň janlanmasydyr. Parfýumer Baby Dior hataryna dolanyp gelmegi öňden bäri isländigini aýtdy. Bonne Étoile-niň kiçijik çagalar üçin niýetlenendigine garamazdan, onuň bahasy çaganyňky diýer ýaly däl we ulular üçin hoşboý yslaryň aglabasyndan, şol sanda Dior kompaniýasynyň çüýşesini, takmynan, 145 dollara satyn alyp bolýan Sauvage müşküniň bahasyndan hem ep-esli ýokarydyr. Şeýle-de bolsa, moda öýi bu täze ysyň öz muşdaklaryny kynçylyksyz tapjakdygyna ynanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir