Başkiriýanyň ýaşaýjysy 22 ýaşly Ilýuza Isýandawletowa 8-nji noýabrdan 15-nji noýabr aralygynda Hindistanda geçirilen “Aziýa gözeli – 2023” halkara gözellik bäsleşiginiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Bu barada aif.ru habar berýär. Asly sibaýly bolan Akmully adyndaky Başkiriýanyň döwlet pedagogik uniwersitetiniň talyby ynam bildirenleriň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Isýandawletowa Tailanddan, Nepaldan we Birleşen Arap Emirliklerinden bolan bäsdeşlerden üstün çykdy. Belli bolşy ýaly, ol “Başkortostan Respublikasynyň gözeli – 2023” we “Aziýa-Sibiriň 1-nji wise-gözeli” atlaryna-da eýedir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir