Ogaýo ştatynyň uniwersitetiniň gözlegçileri ulanyjynyň sesiniň esasynda ýürek ýetmezçiligini anyklaýan HearO ykjam goşundysyny döretdiler. Bu barada Daily Mail neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Ýürek ýetmezçiligi – bu ýürek myşsasynyň organlara we dokumalara zerur mukdarda gan we kislorod berip bilmezligi. Şeýle ýagdaýa gipertoniýa, infarkt, ýürek şikesiniň bolmagy sebäp bolup biler. Ýürek ýetmezçiligini anyklamak ýeterlik derejede kyndyr – aýdyň alamatlar diňe adam hassahana ýerleşdirilmezinden ýa-da onuň ýüreginiň durmazyndan birnäçe gün öň ýüze çykyp biler. Emeli aňa esaslanýan HearO goşundysy ulanyjylaryň sesinde ýürek ýetmezçiliginiň alamaty bolan öýkeniň kardiogen çişmesini görkezip biljek sähel bildirýän üýtgemeleri tutýar. Öýkeniň birleşdiriji dokumasynda suwuklygyň ýygnanmagy dema alşyň gowşamagyna we ses organlarynyň çişmegine getirýär, şol sebäpli ses boguk görnüşde bolýar. Emeli aň ulgamy çaklama algoritmini işläp düzmek üçin 250 müňden gowrak ses ýazgysyny seljerdi. Goşundy eýýäm ýürek ýetmezçiligi bolan 416 meýletinçide synagdan geçirildi. Programma bu ýagdaýyň alamatlarynyň güýçlenme hadysalarynyň, takmynan, 76%-ini ýüze çykardy. Alymlar bu goşundynyň deslapky diagnoz usuly hökmünde ýaýramagyna umyt bildirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir