Özbegistan mart aýynyň başynda Londonda geçirilen World Travel Mart halkara syýahatçylyk sergisinde iň gowy syýahatçylyk ugry hökmünde ykrar edildi. Bu barada daryo.uz portaly habar berýär. Meşhur “Lonely Planet” syýahatçylyk neşiriniň wise-prezidenti Tom Brodi Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Jamşid Abdusalamowa ýörite şahadatnama gowşurdy. Özbegistan özüniň gadymy şäherleri, milli aşhanasy, dag goraghanalaryna gezelençleri, şeýle-de ýerli senetçilik däpleri bilen syýahatçylary özüne çekýär. Özbegistanda iň meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň biri öz arhitektura ýadygärlikleri bilen şöhratlanýan hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegi bolan gadymy Samarkant, Buhara we Hywa şäherleridir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir