Gazagystanda sanly tenge resmi taýdan dolanyşyga girizildi. Dabara milli pul birliginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan Gazagystanyň maliýeçileriniň XI Kongresiniň çäklerinde geçirildi. Sanly tenge arkaly ilkinji tranzaksiýa Milli töleg korporasiýasynyň başlygy Binur Žalenow tarapyndan amala aşyryldy, ol özüne kofe satyn aldy diýip, ixbt.com habar berýär. Žalenowyň aýtmagyna görä, onuň töleg üçin ulanan karty merkezi bankyň sanly walýuta hasabyna baglanan dünýäde ilkinji debet töleg kartydyr. Kart Ýewraziýa banky tarapyndan Mastercard platformasynda çykaryldy, sanly tenge hasabyndaky serişdeler bada-bat adaty tengelere konwertasiýa edilýär we dünýäniň islendik ýerinde kart bilen tölemek üçin elýeterlidir. Sanly tengäni girizmek boýunça synag taslamasy 2021-nji ýylda başlandy, häzir milli pul birliginiň üçünji formasy bölekleýin satuw dolanyşygyna girizildi, elektron pul birliginiň giň gerimli çykarylyşy 2024-nji ýyla meýilleşdirilýär. Žalenow oflaýn töleglere aýratyn üns beriljekdigini, 2025-nji ýylda bolsa bazara gatnaşyjylaryň hemmesiniň birikdilmegine garaşylýandygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir