Adobe-yň we Awstraliýanyň Milli uniwersitetiniň işgärleri iki ölçegli şekilleri bary-ýogy 5 sekuntda üç ölçegli şekillere öwrüp bilýän algoritmi işläp düzdüler. Bu barada TechSport habar berýär. Işläp düzüjiler täze algoritmi Uly rekonstruksiýa modeli (Large Reconstruction Model – LRM) diýip atlandyrdylar. Ol, takmynan, 1 mln 3D şekillerden ybarat uly maglumatlar toplumynda tälim aldy. Hödürlenen emeli aň şekilleriň dürli görnüşleri, şol sanda hakyky dünýäden alnan suratlar we beýleki neýroulgamlaryň kömegi bilen döredilen wizual kollažlar bilen netijeli işlemäge ukyply. Modeliň ýene bir aýratynlygy onuň çylşyrymly teksturalary we ownuk elementleri hiline zyýan ýetirmezden jikme-jik işlemegidir. Gözlegiň awtory Isong Hong Uly rekonstruksiýa modelini dizaýndan we güýmenjeden başlap, oýun pudagyna çenli dürli ugurdaky hünärmenlere kömek etjek öňegidişlik diýip atlandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir