«Netflix» kompaniýasy 2005-nji ýylda «Nikelodeon» teleýaýlymynda çykan «Awatar: Aang hakynda rowaýat» atly meşhur multserialyň ekranlaşdyrylan nusgasynyň täze treýlerini paýlaşdy. Wideo striming platformasynyň resmi «YouTube» kanalynda peýda boldy. Şol bir wagtyň özünde, serialyň ilkinji görkeziljek senesi mälim edildi – ol 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda ýaýlyma berler. Wideoda serialyň baş gahrymanlarynyň hemmesi diýen ýaly bar, şeýle hem baş zalym gahryman görkezilýär. Serialyň sýužeti dört elementiň hemmesini dolandyrmagy öwrenmeli we dünýäde deňagramlylygy dikeltmeli Aang atly on ýaşly oglanjygyň başdan geçirmeleri hakynda gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir