Kanadaly biotehnologlar Waterloo uniwersitetiniň binýadynda myşsa dokumalaryny adam bedeniniň daşynda dikeltmegiň we ösdürmegiň täze usulyny oýlap tapdylar. Hünärmenler biomateriallary modelirlemek üçin çarçuwasyz platforma döretdiler, munuň netijesinde täze myşsalar ilki emeli gurşawda ösdürilýär, soňra bolsa hassanyň bedenine birleşdirilýär. «Gurluşyk elementleri» hökmünde öýjük listleri ulanylýar, bu bolsa dürli myşsa gurluşlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu işiň awtorlarynyň belleýişleri ýaly, bu görnüşde döredilen myşsalar tebigy ýagdaýda emele gelenlerden tapawutlanmaýarlar. Munuň özi bedeniň implantasiýa edilen dokumany ret etmeginiň öňüni alýar. Bu tehnologiýany myşsa massasynyň uly göwrümli ýitgisine garşy göreşde peýdalanmak meýilleşdirilýär. Bu bejerip bolmaýan keselden häzirki wagtda dünýäde ýüzlerçe müň adam ejir çekýär. Mundan başga-da, bu usul emeli gurşawda haýwan etini ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylyp bilner diýip, «Advanced Functional Materials» žurnaly habar berýär.