«Volvo» kompaniýasy Hytaýda ilkinji miniwenini tanyşdyrdy, awtoulag elektrik hereketlendiriji bilen üpjün edilendir. «Volvo EM90» «Geely SEA» platformasynda guruldy. Onda «Zeekr 009» miniweni hem döredilendir. Täze önümiň uzynlygy 5206 mm, teker binýady bolsa 3205 mm. Elektrikli miniwen 272 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr, çekiş diňe yzky tigirlere geçirilýär, geçýän iň uzak aralygy bolsa 738 kilometre golaýdyr. Şol bir wagtyň özünde, «Zeekr-iň» miniweniniň ähli tekerleri hereketlenýär, iki motorly hereketlendirijiniň kuwwaty bolsa 544 at güýjüne deňdir. «EM90» 21 dinamigi bolan «Bowers & Wilkins» ses ulgamy, iki kameraly pnewmo podweska, panoramik üçek, 15,6 dýuýmlyk multimediýa ekrany, şeýle hem massažly, howa çalşygy we çekip bolýan stoljyklary bolan ikinji hatar oturgyçlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ikinji hatardaky ýolagçylar süýşýän gapylary we sensorly panelleri ulanyp, dürli rahatlyk şertlerini dolandyryp bilerler. Nusgasyna baglylykda, awtoulagda 19 ýa-da 20 dýuýmlyk teker diskleri oturdylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir