UFC promouşeni 16-njy dekabrdan 17-nji dekabra geçilýän gije Las-Wegasda (ABŞ) geçiriljek UFC 296 ýaryşynyň esasy sanawyny yglan etdi. Bu barada championat.com habar berýär. Ýatlap geçsek, esasy söweşde guramanyň ýarym orta agramda (77 kg çenli) çempiony britaniýaly Leon Edwards amerikaly Kolbi Kowington bilen söweşer. Esasy söweşleriň ýene birinde iň ýeňil agramda (57 kg çenli) titulyň eýesi braziliýaly Aleşandre Pantoža amerikaly Brendon Roýwala garşy titul goragyny geçirer. UFC 296. Esasy sanaw: Leon Edwards (Beýik Britaniýa) – Kolbi Kowington (ABŞ); Aleşandre Pantoža (Braziliýa) – Brendon Roýwal (ABŞ); Şawkat Rahmonow (Gazagystan) – Stiwen Tompson (ABŞ); Toni Fergýuson (ABŞ) – Peddi Pimblett (Beýik Britaniýa); Wisente Luke (Braziliýa) – Ian Garri (Irlandiýa).

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir