Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň topary Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şahyr hakyndaky dokumental filmi surata düşürmek üçin Özbegistanyň gadymy Buhara şäherine döredijilik saparyna taýýarlanýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi. Ozal Magtymguly Pyragynyň ady we döredijilik mirasy bilen baglanyşykly ýerler we adamlar baradaky filmler Russiýada, Azerbaýjanda, Eýranda we Türkiýede surata düşürildi. Noýabr aýynyň ahyrynda Özbegistana ugrajak topara «Türkmenfilm» birleşiginiň ýaş režissýory, A.Täşliýew ýolbaşçylyk eder. Ozal habar berşimiz ýaly, ýakyn geljekde tomaşaçylara bu režissýoryň täze eseri 14-15-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda geçirilen «Arkadagyň säheri» atly I Halkara film festiwaly barada dokumental film hödürlener. Şu ýylyň iýun aýynda Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde Özbegistanyň Buhara welaýatynda «Magtymgulynyň bütindünýä şöhraty» atly dialog- konferensiýasy geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ýokary ynsanperwer däp-dessurlara esaslanýan çeper aňlatmanyň ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem gymmatly baýlygydygyny bellediler. Çäräniň çäginde, gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň bilim alan Gögeldaş medresesiniň Buharadaky «Köne şäher» ýadygärlik toplumyna baryp gördüler, şeýle hem şahyryň ýaşan we okan ýerleri bilen tanyşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir