Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Arslan Arturow ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde zehinli okuwçylaryň gatnaşmaklarynda geçirilen II Halkara çagalar medeniýet forumynyň ýörite diplomyna mynasyp boldy. Bu barada Jeyhun.news ýazýar. Habarda bellenilişi ýaly, Arslan daşary ýurtly ýoldaşlary bilen portret žanry usulynda surat çekmek boýunça bäsleşdi. Ýagny, olar biri-biriniň portretlerini kömür we galam bilen çekdiler. Netijede Arslan özüniň eseri bilen diploma mynasyp boldy. Şu ýylyň aprel aýynda Daşoguz welaýatynda geçirilen surat bäsleşiginde hem Arslanyň «Meniň arzuwymdaky köpri» atly işi bilen ýeňiji bolandygyny bellemek gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir