«Transfermarkt» internet portaly 2023-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň bahasy iň ýokarlanan futbolçylarynyň reýtingini mälim etdi. Ýeri gelende bellesek «Transfermarkt» portalynyň hödürleýän transfer bahalary subýektiw bolup, oýunçylaryň transfer gymmaty portalyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylýar. Reýtingiň başyny «Abdyş-Atada» oýnaýan türkmenistanly ýarymgoragçy Teýmur Çaryýew bilen «Arkadag» toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew çekýärler. Transfer bahasy has köp ýokarlanan türkmenistanly oýunçylaryň top-8-ligi aşakdaky görnüşe eýe: 1. Teýmur Çaryýew «Abdyş-Ata», 250 (+75) müň ýewro 2. Altymyrat Annadurdyýew «Arkadag», 200 (+25) müň ýewro 3. Resul Çaryýew «Arkadag», 175 (+50) müň ýewro 4. Mekan Saparow «Arkadag», 150 (+25) müň ýewro 5. Güýçmyrat Annagulyýew «Arkadag», 150 (+50) müň ýewro 6. Resul Hojaýew «Arkadag», 150 (+25) müň ýewro 7. Welmyrat Ballakow «Arkadag», 150 (+50) müň ýewro 8. Abdy Bäşimow «Arkadag», 150 (+50) müň ýewro 2023-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň iň gymmat oýunçylary: 1. Ruslan Mingazow «Kitçi», 550 müň ýewro 2. Teýmur Çaryýew, «Abdyş-Ata», 250 müň ýewro 3. Arslanmyrat Amanow, «Arkadag», 200 müň ýewro 4. Selim Nurmyradow, «Altyn asyr», 200 müň ýewro 5. Altymyrat Annadurdyýew «Arkadag», 200 müň ýewro

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir