Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ilkinji güni Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Gazagystan Respublikasynyň Biken Rimowa adyndaky Taldykorgan drama teatrynyň artistleri çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda gazagystanly teatr artistleri halkara festiwala hödürlän «Goragsyzlar güni» («Қорғансыздың күні») atly sahna eserini tomaşaçylara hödürlediler. «Goragsyzlar güni» («Қорғансыздың күні») atly sahna eseri ýazyjy we dramaturg Muhtar Awezowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylypdyr. Oýnuň režissýory Farhad Moldagalin, suratkeşi bolsa Karlygaş Şalabaýew bolup, bu oýun ilkinji gezek 2021-nji ýylyň 3-nji iýunynda gazak halkyna görkezilipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir