Şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwala gatnaşmaga gelen Täjigistanyň M.Wahidow adyndaky döwlet ýaşlar drama teatrynyň döredijilik toparynyň halkara festiwala getiren «Watandan alysda geçen gije» atly sahna eseriniň görkezilişi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. «Watandan alysda geçen gije» atly sahna eseri ilkinji gezek 2015-nji ýylyň 25-nji aprelinde täjik halkyna görkezilýär. Onuň režissýory Nozim Melikow. Režissýor bu spektakly ýurdundan jyda düşen täjik şahyry Bozor Sobiriň goşgularynyň äheňinde goýupdyr. Oýnuň baş gahrymany Abdumumin Şarifi Demirgazyk Osetiýada geçen milli teatrlaryň «Serhetsiz sahna» atly VIII Halkara festiwalynda «Iň gowy erkek adamyň keşbi» atly baýraga eýe bolupdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir