Türkmenistanda geçirilýän «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň çäginde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň artistleri «Şasenem we Garyp» («Oshiq G‘arib va Shohsanam») atly sahna eseri bilen çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, «Şasenem we Garyp» («Oshiq G‘arib va Shohsanam») atly sahna eseri 2021-nji ýylda ilkinji gezek özbek halkyna görkezilipdir. Otabek Ýakubowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan Spektakl özbek halk etnografiýasynyň, milli sazynyň, milli däpleriniň we nyşanlarynyň esasynda goýuldy. «Aşyk Garyp we Şasenem» eserinde Garybyň we Şasenemiň bir-birine bolan päk söýgüsi, wepalylygy açylyp görkezilýär. Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry 1922-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Geçen 100 ýyldan gowrak wagtyň içinde teatrda dürli žanrdaky sahna eserleri goýlupdyr. Teatryň döredijilik topary diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem özleriniň sahna eserleri bilen çykyş edipdirler. Häzirki güne çenli teatrda «Özbegistanyň halk artisti», «Özbegistanyň at gazanan artisti» ýaly 50-den gowrak döwlet sylaglaryna mynasyp bolan artistler zähmet çekdiler we häzirki wagtda tejribeli artistleriň birnäçesi zähmet çekýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir