Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşlygyň barşynda, döwlet Baştutany dikuçardan türkmen halkynyň beýik geçmişiniň şaýady bolan Parfiýa döwletiniň merkezi Nusaý galasyny synlady. Bu ýerde degişli rejeleýiş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden kuwwatly döwletleri baradaky maglumatlaryň geljek nesillere ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty bolan Nusaý galasynyň saklanyp galan taryhy ýadygärlikleri 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanynyň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir