16-njy noýabrda «Aşgabat» stadionynda DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyrynyň «E» toparçasyndan orun alan Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýun geçiriler. Duşuşyk sagat 19:00-da başlanar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 15-nji noýabrda «Aşgabat» köpugurly stadionynda oýna gatnaşyjylaryň gatnaşmagynda metbugat ýygnagy geçirildi. Metbugat ýygnagynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow hem-de Özbegistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Sreçko Katanes žurnalistleriň sowallaryna jogap berer. Metbugat ýygnagy ýerli wagt bilen 18:00-da başlanar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir