Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşlygyň barşynda, «Parahat» ýaşaýyş toplumynyň çäklerindäki gurluşyklar bilen hem tanyşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, uçuş mahalynda döwlet Baştutanynyň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow boldy. Bellenilişi ýaly, Aşgabadyň günorta künjegindäki «Parahat» ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde desgalaryň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde, paýtagtyň ekologik abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilip alnyp barylýan işleriň netijesinde, döredilýän ýaşaýyş toplumlarynyň desgalary bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Wise-premýer döwlet Baştutanyna «Parahat» ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylyşy hem-de Aşgabadyň şu künjeginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň baş şäherinde maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň depgini bilen tanşyp, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk işleriniň we meýilleşdirilen ähli çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine, degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň yzygiderli ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir