Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Uçuşynyň dowamynda döwlet Baştutany Aşgabatda täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde dowam edýän Stomatologiýa merkeziniň, Aşgabadyň günorta böleginde Halkara pediatriýa merkeziniň, Aşgabadyň merkezi böleginde bina edilýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, şeýle-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çägindäki Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurluşygyna, ozal bar bolanlarynyň durkunyň döwrebaplaşdyrylmagyna, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna uly üns berilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir