ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Trampyň uly aýal dogany Merienn Tramp Barri 87 ýaşynda Nýu-Ýorkdaky öýünde aradan çykdy diýip, «The New York Times» neşirine salgylanýan «News.ru» habar berdi. Merienn Barri köp ýyllap federal kazy bolup işledi. Neşir uly aýal doganynyň Donald Trampyň zähmet ýolunda uly hyzmaty bitirendigini ýazýar. ABŞ-nyň öňki döwlet Baştutany onuň pikirlerine gulak asypdyr, köp gezek tankydy belliklerini hem alypdyr. Bu öz gezeginde Trampyň çözgütlerine täsir edipdir. Soňky birnäçe ýyl bäri Donald Tramp eýýäm üçünji ýitgini başdan geçirýär, 2000-nji ýylda onuň kiçi dogany Robert, 2022-nji ýylda ilkinji aýaly Iwana aradan çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir