Hytaýda täze optiki-süýümli internet aragatnaşygy işe goýberildi, ol sekuntda 1,2 terabit maglumatlary geçirmäge ukyplydyr. Bu sekuntda HD ülňüdäki 150 sany filmi ibermäge mümkinçilik berýär diýildigidir diýip, «South China Morning Post (SCMP)» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Üç müň kilometrden hem geçýän geçiriji Hytaýyň Pekin, Uhan we Guançžou şäherlerini birikdirdi. Ol şu ýylyň iýulynda ähli synaglardan soňra doly bahaly işläp başlady. Taslamany öňdebaryjy hytaý guramalary bolan Sinhua uniwersiteti, «China Mobile», «Huawei Technologies» we «Cernet Corporation» amala aşyrdylar. Habarda hytaý internet geçirijisiniň amerikan bäsdeşlerinden on esse çalt işleýändigi bellenýär. Ol «Cernet» hytaý taslamasynyň bir bölegi bolmak bilen, ýurduň bilim we ylym merkezleriniň arasynda ýokary tizlikli internet-aragatnaşygyny ýola goýmagy maksat edinýär. Taslamanyň aýratynlygy onuň üçin ähli programma üpjünçiliginiň we enjamlaryň Hytaýyň özünde öndürilendigi, daşary ýurt kompaniýalaryndan garaşsyzlygy üpjün edýändigi bilen baglydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir