okgunly ösýän kompaniýa bolmak bilen, gämi abatlamak, weýran etmezden synamak boýunça laboratoriýa barlagy, maglumat tehnologiýalary, elektroenergetika, senagat howpsuzlygy desgalaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak, deňiz gämilerini agentirlemek ýaly ugurlar boýunça giň gerimli hyzmatlary hödürleýär. Kompaniýanyň işgärleriniň ýokary hünär ussatlygy gysga wagtyň içinde birnäçe halkara güwänamalaryna mynasyp bolmaga mümkinçilik berdi. Olaryň hatarynda: Gämi abatlaýyş hyzmatlaryny bermek, weýran etmezden synamak boýunça laboratoriýa barlagy we maglumat tehnologiýalary pudagyndaky hyzmatlar boýunça ISO 9001:2015, ISO 14001:2015, ISO 45001:2018 standartlaryna laýyklyk Güwänamasy; Russiýanyň gämi gatnawynyň deňiz registriniň Gämilerde we deňizdäki desgalarda galyňlyk ölçegini ykrar etmek hakynda Kepilnamasy hem-de Kärhananyň deňiz desgalarynda abatlaýyş işleriniň birnäçe görnüşine laýykdygy hakynda Kepilnamasy; «Bureau Veritas-yň» gämilerde we deňiz desgalarynda galyňlyk ölçegi boýunça Güwänamasy. Kompaniýanyň esasy iş ugry gämi abatlaýyş hyzmatlaryny bermekdir. Birnäçe taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi kompaniýanyň durnukly ösmegi üçin ygtybarly binýady üpjün edýär. Gämi gurluşygy we beýleki ugurdaş pudaklar boýunça täze çemeleşmeleri özleşdirmek maksady bilen, kompaniýanyň wekilleri Stambulda (Türkiýe) «EXPOSHIPPING EXPOMARITT 2023» we Pusanda (Günorta Koreýa) «KORMARINE 2023» atly halkara sergilere gatnaşdylar. Bu sergilerde deňiz gämilerini gurmak we abatlamak bilen meşgullanýan dürli ýurtlardan kompaniýalar, şeýle hem gämi gurluşygy üçin gurluşlary hem-de goşmaça enjamlary öndürijiler öz hyzmatlary bilen tanyşdyrdylar. Sergilere baryp görmek, türkmen kompaniýasynyň wekillerine pudagyň iň täze tehnologiýalary we ugurlary bilen tanyşmaga, şeýle hem bazaryň öňdebaryjylary bilen aragatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berdi. «Ynamly ýol hyzmaty» HK nebitgaz pudagynyň senagat

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir