Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ýazdursun Gurbannazarowa halkara hyzmatdaşlaryň wekilleri bilen adam hukuklaryny goramak pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin birnäçe duşuşyk geçirdi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen bolan duşuşygyň dowamynda bu gurluşyň goldawy bilen Adalatçynyň edarasynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek we adam hukuklary barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilendigi bellendi. Taraplar mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdylar. ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory Matteo Mekaççi bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanyň Adalatçysy ýurtdaky demokratik özgertmeler we öz edarasynyň garaşsyz edara hökmünde tutýan orny barada maglumat berdi. Duşuşykda ÝHHG bilen özara gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti bellenildi. ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) «Merkezi Aziýada migrasiýa howpsuzlygy» sebitleýin taslamasynyň ýolbaşçysy Eleanor Walentin bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň Adalatçysy hyzmatdaşlygyň netijelerini we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.​ Duşuşygyň dowamynda ýurtda adam hukuklaryny goramak boýunça alnyp barylýan özgertmeleriň we Adalatçynyň edarasynyň alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir