Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda hindileriň Diwali baýramçylygy bellenildi. Çärede Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Nair hem-de Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Dabara Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Diwali Hindistanda iň meşhur baýramçylyklaryň biri bolup, ol ýagtylygyň garaňkylykdan, ýagşylygyň ýamanlykdan, bilimiň nadanlykdan üstün çykmagyny alamatlandyrýar. Baýramçylyk gününde hindi maşgalalary öýlerini dürli reňkli çyralar, yşyklar, sowgatlar we süýjülikler bilen bezeýärler, birek-biregiňkä myhmançylyga barýarlar. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen dabara baý medeni meýilnamany öz içine alyp, onuň dowamynda hindi tanslary, hindi sazlary ýerine ýetirildi, hindi tagamlary we içgileri myhmanlara hödür edildi.