dükany Täze ýylyň öňüsyrasynda welosipedleriň ähli görnüşlerine 24% arzanladyş yglan edýär. Bu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, 2023-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli amatly bahalardan täze welosiped satyn alyp bolýar. Dükanda «Viva», «Twitter», «Akez», «Himo» ýaly dünýä belli brendleriň zenanlar, erkekler, ýetginjekler hem-de çagalar üçin niýetlenen dürli görnüşdäki welosipedleri hödürlenýär. Olaryň hatarynda welosiped ulaglarynyň dagda, ýolda, şäher şertlerinde, gezelenç edilende sürülýän dürli görnüşleri bar. Bu ýerde degerli maslahatlary berýän satyjylarynyň hyzmaty bilen, welosiped sporty ýa-da welosipedde gezelenç etmek üçin bu ulagyň iň amatly modelini hem-de dürli esbaplaryny saýlap bilersiňiz. Bularyň ikinjisi üçin «HIMO C26» modeli örän göwnejaý bolar. Agramy 25 kg bolan ýeňil welosiped sagatda 25 km tizlige, awtonom režimde bolsa 60 km çenli tizlige ýetýär. Alyjylar 120 kg agramy bolan «DISIYUAN BIKE» ýaly modele hem ýokary baha bererler. Doly özbaşdak dolandyryşda welosipediň geçýän aralygy 45 kilometre we tizligi 40 km/sag çenlidir. Şeýle hem bu ugurda 120 kg agramy bolan «LANKLEISI BLISS BRANDS XT600» modeli hödürlenýär. Ol bolsa sagatda 40-45 km tizlige we doly özbaşdak dolandyryşda 50 km-e ýetýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir